Sepleriň elýeterliligi

Kandaharda 5 adam öldürildi


Owganystanyň Kandahar şäherinde janyndan geçen bombaçy ganly hüjümi amala aşyrdy.

Welaýatyň hökümet sözçüsi Jawed Faýsal şenbe güni bolan hüjümde azyndan 5 adamyň ölendigini aýtdy.

Sözçi bombaçynyň özüni Kabul bankynyň welaýat bölüminiň daş işiginde partladandygyny hem sözüne goşdy.

Başda ol bombanyň polisiýanyň barlag nokadynyň golaýynda saklanan maşynda bolandygyny aýtdy, emma soňky maglumatlar bombaçynyň pyýada bolandygyny görkezdi.

Bankyň binasyna mazaly zeper ýetdi. Kandahar hassahanasynyň doktory özlerine azyndan 5 jesediň we 25 ýaralynyyň getirilendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG