Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Müsürde gan dökülýär


Müsürde soňky bolan gozgalaňlar mahalynda azyndan alty adamyň öldürilip, onlarça adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Bu gandöküşiklik gyrakladylan prezident Mohammad Morsiniň müňlerçe tarapdary anna güni Kairde we beýleki şäherlerde ýöriş geçirende boldy.

Habarlarda protestçileriň, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan basylyp ýatyrylmaz ýaly, ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda kiçi möçberli kän ýöriş geçirmek taktikasyny saýlap alandyklary aýdylýar.

Harbylaryň goldawyndaky hökümet Morsi gyrakladylaly bäri turan gozagalaňlarda ýüzlerçe adamy atyp öldürdi.
XS
SM
MD
LG