Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Amerika garşy çykýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şu gün, 31-nji awgustda Wladiwastoga sapary mahalynda, ABŞ-nyň Siriýada edildi diýilýän himiki ýarag hüjümi baradaky pozisiýasyna garşy çykdy. Ol hususan-da şeýle diýdi:

"Sagdyn pikir öz-özüni düşündirýär. Siriýanyň hökümet güýçleri hüjüm edýärler, käbir regionlarda olar gozgalaňçylaryň daşyny gabadylar. Şu hili ýagdaýda hemişe daşardan harby gatyşma çagyrýanlara eliňdäki tuzy bermek akyla sygjak zat däl. Bu hiç bir logika gabat gelmeýär. Onda-da BMG-niň gözegçileriniň gelen wagtynda. Şu sebäpden men bu beýleki ýurtlary Siriýadaky konflikte çekmek isleýänleriň, kuwwatly halkara oýunçylarynyň, ilkinji nobatda-da Birleşen Ştatlaryň goldawyny gazanmak isleýänleriň prowokasiýasydan başga zat däl diýip hasaplaýaryn."

Prezident Putin sözüni dowam etdirip, ýene şeýle diýdi:

"Biziň amerikan kärdeşlerimiziň we dostlarymyzyň Siriýanyň goşunlarynyň köpçülikleýin gyrgyn ýaraglaryny, himiki ýaraglary ulanandygyny tassyklaýan pozisiýasy barada aýdylanda bolsa, goý, olar özlerinde bar diýýän subutnamalaryny BMG-niň inspektorlaryna we Howpsuzlyk geňeşine görkezsinler."
XS
SM
MD
LG