Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanun goraýjylardan hasap soraldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow hökümet masalahatyny geçirýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow hökümet masalahatyny geçirýär.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow şenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen mejlisini geçirip, ýurduň harby we hukuk goraýjy organlarynyň şu ýylyň sekiz aýynda eden işleriniň jemine seretdi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda ýurduň baş prokurory Ý.Ýazmyradowy, "işinde goýberen çynlakaý kemçilikleri üçin", wezipesinden boşatdy.

Şeýle-de prezident Aşgabat şäheriniň prokurory M.Garaýewi, "öz gulluk wezipesini berjaý edip bilmändigi üçin", wezipesinden boşatdy.

Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän B.Altyýew bolsa, "işde goýberen çynlakaý kemçilikleri we gulluk wezipesini bet niýet bilen ulananlygy üçin" işden aýryldy.

Şeýle-de, mejlisiň dowamynda içeri işler ministriniň orunbasary S.Durdyýewe berk käýinç yglan edildi. Eger-de goýberen "kemçiliklerini" gysga wagtda düzetmese, onuň işinden boşadyljagy aýdyldy.

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbsary E.Abdurasulow hem işden boşadyldy, emma onuň näme üçin boşadylandygy aýdylman, ýerine A.Atageldiýewiň bellenendigi habar berilýär.

Mejlisde Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew serhetçileriň uly mukdarda neşe maddalaryny ele salandyklaryny habar berdi we prezident Berdimuhamedow bu işde tapawutlanan serhetçileri sylgalamak baradaky karara gol çekdi.

Şeýle-de prezident A.Hallyýewi baş prokurorlyga, B.Çaryýewi Ýokary suduň başlyklygyna, B.Muhammedowy adalat ministri wezipesine belledi.
XS
SM
MD
LG