Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obamanyň Siriýa sözüne ätiýaçly garalýar


Prezident Barak Obama, Waşington, 30-njy awgust, 2013.
Prezident Barak Obama, Waşington, 30-njy awgust, 2013.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň şenbe güni, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy harby zarbalary urmak üçin, amerikan Kongresiniň tassyknamasyny almakçydygy barada eden beýanatyna bildirilen resmi halkara reaksiýasy az boldy.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe öz hökümetiniň Kongresde boljak çekişmä ýakyndan syn etjegini aýtdy:

"Men prezident Obamanyň beýanatynyň onuň bu meseledäki berk erk-islegi bilen baglydygyna ynanýaryn. Biz Kongresde näme bolup geçýändigine içgin syn ederis we bu meseledäki ýagdaýyň nähilem bolsa gowulaşmagy üçin, bar bolan maglumaty toplamakda we analizlemekde halkara jemgyýetçiligi bilen bileleşip, utgaşykly işläris."

Siriýanyň premýer-ministri Waýel al-Halky Siriýanyň goşunynyň Birleşen Ştatlaryň islendik hereketine gaýtawul bermäge «doly taýýardygyny» aýtdy.

Eýranyň Yslam rewolýusion gwardiýasy korpusynyň başlygy Mohammad Ali Jafari harby interwensiýa Siriýanyň içinde çäklendiriler diýip pikir etmegiň bir illýuziýa, salgyma çapmak boljakdygyny aýtdy.

Köp garaşylan we tankytlanýan karar

Oppozisiýadaky Azat Siriýa goşunynyň Gündogar bileleşiginiň komandiri Muhammad Abaud Obamanyň harby interwensiýa goldawyny gutlap çykyş etdi:

"Biz bu karara örän uzak wagt bäri garaşyp gelýäris. Bu Birleşen Ştatlarda birneme wagt alsa-da, ahyry olar bu karara geldiler. [Siriýanyň] halky we azatlyk ugrunda göreşijiler prezident Obamanyň şeýle karara gelmegine örän şat. Emma muňa garamazdan, biz onuň aýdan zatlaryndan Kongresde bir çekişme boljagyna hem düşündik."

Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Madura Obamanyň şenbe güni BMG-den ygtyýarsyz hereket etmegini tankyt etdi.

Moskwada, Dumanyň halkara meseleleri komitetiniň başlygy Alekseý Puşkow bolsa, Twitterde Obama Kongrese ýüz tutup, bu urşy az-da bolsa kanunlaşdyrjak bolýar diýdi.

Obama Kongresden rugsat soraýar

Obama şenbe güni Waşingtonda sözlän sözünde Assadyň hökümetini 21-nji awgustda himiki ýaraglary ulanyp, asuda ilatdan 1400-den gowrak adamy öldürmekde günäledi.

Şol gün giçlik Ak tam Konrgese Obama geljekde mümkin bolan himiki-ýarag hüjümleriniň ulanylmagyny «togtatmak, bozmak, öňüni almak we ýoga çykarmak üçin» harby güýç ulanmaga ygtyýar berýän çäreler taslamasyny ýollady.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron we Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Obamanyň Kongresiň goldawyny almak pikirini gutlady.

Kameron geçen hepde, britan parlamentinde harby interwensiýa meselesi sese goýlanda, ýeterlik goldaw alyp bilmedi. Emma muňa garamazdan, Fransiýa interwensiýanyň iň bir uly goldawçysy boldy we özüniň islendik harby operasiýa goşulyp biljegini aýtdy.


Orsýet bilen Hytaý Siriýa harby interwensiýa edilmegine garşy çykdy. Orsýetiň prezidenti W.Putin şenbe güni Obama Siriýanyň hökümetiniň himiki ýarag ulanandygyny subut etmedi diýdi.

BMG-niň inspektorlary bolsa, hüjümiň bolan ýerinden toplananan subutnamalary derňemek üçin üç hepde wagtyň gerek boljagyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG