Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Bilimler güni


Şu gün Türkmenistanda Bilimler we student ýaşlar güni.

Emma ýurtda geçirilýän tigir sürüşligiň Bilimler gününe kölege salandygy aýdylýar.

Prezident G.Berdimuhamedow bu gün mynasybetli mekdep okuwçylaryna we student ýaşlara, mugallymlara we ähli magaryf işgärlerine Ýüzlenme çap etdi.

Prezidentiň Ýüzlenmesinde ýaşlar we magaryf işgärleri täze, 2013-2014-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlanylýar.

Şeýle-de prezident «Türkmenleriň bilimi gadym wagtlardan bäri durmuşyň esasy üstünligi hasaplandygyny, özygtýarly Watanyň geljekde hem gülläp ösmeginiň ýurduň ýaşlarynyň bilim-sowadynyň derejesine baglydygyny» aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda orta bmilim mekdeplerinde 12 ýyllyk okuw düzgünine geçilýär we 200 müňe golaý çaga, 6 ýaşlylar we 7 ýaşlylar mekdep gapysyndan ätleýär.
XS
SM
MD
LG