Sepleriň elýeterliligi

Premýer-ministr aman galdy


Ýemeniň premýer-ministri görnetin kast ediş synanyşygyndan aman galdy.

Resmiler näbelli adamlaryň bir maşynyň içinden şenbe güni premýer-ministr Mohammed Salem Basindwanyň ulag kerwenini oka tutandyklaryny aýdýarlar.

Bu waka paýtagt Sanaada bolupdyr. Emma hiç kime zeper ýetmändir.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti bu hadysany ýazgaryp çykyş etdi we Waşingtonyň Ýemeniň geçirýän parahatçylykly reformalaryny hemişe goldajagyny aýtdy.

Basindwa 2011-nji ýylyň aýagyndan bäri milli-bitewilik hökümetine ýolbaşçylyk edýär.

Birleşen Ştatlar Ýemeniň hökümet güýçlerini goldaýar we olara maliýe, logistika kömeklerini berip, gümain edilýän terror nyşanalaryna garşy dron zarbalaryny urýar.
XS
SM
MD
LG