Sepleriň elýeterliligi

Beslan zamun alyşlygyna 9 ýyl


Demirgazyk Osetiýanyň Beslan şäherinde üç günlük matam başlandy.

Dokuz ýyl ozal bu ýerde bolan mekdep zamun alyşlygynda 334 adam, şol sanda 186 çaga öldürilipdi.

Wepat bolan çagalaryň köpüsi Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri mekdebe zabt edende heläk boldy.

Hatyra güni Beslan şäheriniň 1-nji mekdebiniň harabasynda klas jaňyny kakmak bilen başlandy.

2004-nji ýylda çeçen terrorçylary ol ýerde 1200 çemesi adamy üç günläp zamunlykda saklapdylar.
XS
SM
MD
LG