Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Türkmenistan "tigir üstünde"


Uzak wagtlap dowam eden taýýarlykdan soň, 1-nji sentýabrda Türkmenistanda ählihalk tigir sürüşlik marafony geçirildi. Tigir sürüşlik çäresi paýtagt Aşgabadyň täze “Çandybil” köçesinden başlap, prezident köşgüniň öňünde tamamlandy. Oňa dürli wezipelerdäki hökümet işgärleri we talyplar gatnaşdylar. Bu çäre mynasybetli Aşgabadyň merkezi köçeleriniň köpüsi sagat 12-ä çenli ýapylyp, diňe awtobus we tiz kömek maşynlarynyň erkin gatnawyna ýol berildi. Käbir merkezi köçeler bolsa ähli gatnawlara ýapyk boldy. Tigir sürüşlik marafony Lebabyň paýtagty Türkmenabatda hem geçirildi. Çärä gatnaşyjylar, Amyderýanyň çep kenaryndan başlanýan sekiz kilometrlik saglyk ýoluny geçip Türkmenabadyň “Bitarap Türkmenistan” köçesiniň ugrunda ýerleşýän Ruhyýet köşginiň golaýynda jemlendiler. Aýdylşyna görä, Türkmenistanda sentýabr aýynyň her dynç güni şeýle marafon geçiriler.

XS
SM
MD
LG