Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milletara nika: ýaş çatynjalary näme köseýär?


Türkmen gelinleri
Türkmen gelinleri
Soňky iki onýyllykda türkmenistanly ýaşlaryň arasynda başga milletleriň wekilleri, başga ýurtlaryň raýatlary bilen durmuş gurýan oglan-gyzlaryň görnetin köpelendigi aýdylýar.

Hususan-da türkmenistanly aýal-gyzlaryň arasynda daşary ýurt raýatlaryna durmuşa çykýanlaryň sanynyň sowet ýyllaryndaka garanda has artandygy aýdylýar.

Ozallar, aýdaly, Özbegistanda ýa beýleki sowet respublikalarynda ýaşaýan ýaşlaryň özara nika baglaşmagy hiç bir kanuny kynçylyk döretmeýärdi.

Emma indi, Özbegistanda ýa ozalky sowet giňişliginiň başga bir ýurdunda ýaşaýan ýaşlaryň arasynda baglaşylan nikalar hem ýaşlaryň, olardan önen çagalaryň kyn ýagdaýa düşmegine getirip bilýär diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan synçylar aýdýarlar.

Mundan başga, goňşy ýurtlarda we dünýäniň beýleki ýerlerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda baglaşylan nika hem, aýdylmagyna görä, raýatlyk, maşgala gatnaşyklary, gelim-gidim meselesinde bir topar kynçylyk döredýär.

Başga bir tarapdan, gowuşýan maglumatlara görä, Türkmenistanda başga milletiň wekiline durmuşa çykan türkmen zenanyna gyýa garalýan, olaryň görnetin kemsidilýän, kiçeldiljek bolunýan halatlary hem bar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň käbiriniň tassyklamagyna görä, daşary ýurtla durmuşa çykan zenanlaryň Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleri tarapyndan kemsildilmelere sezewar edilýän halatlary hem bolýar.

Eýsem Türkmenistanda milletara, döwletara nikalarynyň nähili kynçylyklary bar?

Şeýle nikadaky ýaşlary, olaryň maşgalalaryny esasan nämeler köseýär we bu kösençlikler nädip aradan aýrylmaly?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.

Pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG