Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda tigir marafony geçirildi


Uzak wagtlap dowam eden taýýarlykdan soň, 1-nji sentýabrda Türkmenistanda ählihalk tigir sürüşlik marafony geçirildi.

Tigir sürüşlik çäresi paýtagt Aşgabadyň täze Çandybil köçesinden başlap, Prezident köşgüniň öňünde tamamlandy. Oňa dürli wezipelerdäki hökümet işgärleri we talyplar gatnaşdylar.

Bu çäre mynasybatly Aşgabadyň merkezi köçeleriniň köpüsi sagat 12-ä çenli ýapylyp, diňe awtobus we “Tiz kömek” maşynlarynyň erkin gatnawyna ýol berildi. Käbir merkezi köçeler bolsa ähli gatnawlara ýapyk boldy.

Tigir sürüşlik marafony Lebabyň paýtagty Türkmenabatda hem geçirildi. Çärä gatnaşyjylar, Amyderýanyň çep kenaryndan başlanýan sekiz kilometrlik saglyk ýoluny geçip, Türkmenabadyň “Bitarap Türkmenistan” köçesiniň ugrunda ýerleşýän Ruhyýet köşginiň golaýnda jemlendi.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda sentýabr aýynyň her dynç güni şeýle marafon geçiriler.
XS
SM
MD
LG