Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň tanymal žurnalisti Deýwid Frost 74 ýaşynda, ýürek keselinden aradan çykdy.

Ol Birleşen Ştatlaryň prezidenti Riçard Nikson 1974-nji ýylda iş başyndan çekilenden soň, ondan ilkinji bolup alan uly göwrümli interwýusy bilen meşhur bolupdy.

Frostuň maşgalasy onuň şenbe güni, «Kwin Elizabet» gämisiniň üstünde, söz sözleýän wagty ýogalandygy barada beýanat çap etdi.

Frostuň Nikson bilen geçiren söhbetdeşlikleri 1977-nji ýylda Amerikan telewideniýesinde dört gijäniň dowamynda efire berildi.

Ol öz uzak wagtlyk žurnalistlik işinde Britaniýanyň sekiz premýer-ministrinden, ABŞ-nyň ýedi prezidentinden interwýu aldy.

Şeýle-de ol, 1980-nji ýylda ýogalamazyndan öň, Eýranyň soňky şasy Muhammad Reza Pahlawiden, interwýu alan soňky žurnalist boldy.
XS
SM
MD
LG