Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: AL halkara hereketini goldaýar


Arap ligasyna agza ýurtlar ulanyldy diýilýän himiki hüjümler barada Siriýa hökümetine garşy halkara hereketiniň alyp barýan işlerine goldaw berdi. Maglumatlara görä, şol hüjümlerde 1400 parahat ilat ölüpdir.

Kairde geçirlen ýygnaklarda kabul edilen kararda, 21-nji awgustdaky edilen hüjümlere Siriýa režiminiň "doly jogapkärdigi" aýdylyp, şol "hüjüme gatnaşanlaryň ählisi barada sud işiniň gozgalmagyna we jezalandyrylmagyna" çagyryş edildi.

Bu çagyryş, Waşingtondaky kanunçykaryjylaryň arasyndaky gepleşikleriň ýaýbaňlanmagynyň yzýanyna gabat geldi. Şol gepleşiklerde prezident Obamanyň inisiatiwasy bilen, Siriýa režimine garşy harby operasiýalara girişmegiň Kongres tarapyndan tassyklanylmagyny gazanmak maksat edinilýär.

Obamanyň haýyşynyň 9-njy sentýabrdan başlap doly güýje girmegi üçin ABŞ-nyň Kongresiniň iki palatasy hem ony resmi ýagdaýda gözden geçirmäge başlar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri ýekşenbe güni eden çykyşynda "ýygnanan deliller Siriýa režiminiň hüjümlerde sarin gazyny ulanandygyny görkezýär" diýdi. Waşington şol hüjümlerde 1429 adamyň ölendigini belleýär.
XS
SM
MD
LG