Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa delillere şübheli garaýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çykyş edip, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režiminiň himiki ýaraglary ulanandygy barada Birleşen Ştatlaryň hödürleýän delilleriniň göwnejaýdygyna Moskwanyň ynanmaýandygyny aýtdy.

Duşenbe güni Moskwanyň Halkara gatnaşyklary boýunça döwlet institutynyň talyplarynyň öňünde eden çykyşynda Lawrow Birleşen Ştatlar, Britaniýa we Fransiýa tarapyndan hödürlenen delilleriň “şübheli bolmagyna” galýandygyny aýtdy.

31-nji awgustda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 21-nji awgustda Damaskyň eteginde Assadyň hökümetiniň himiki ýaraglary ulanandygyna ynanýandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG