Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" jogapkärçiligi öz üstüne aldy


“Talyban” hereketiniň söweşijileri Birleşen Ştatlaryň harby bazasyna janyndan geçen hüjümçileriň amala aşyran bomba partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu hüjüm Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda bolup geçipdi.

NATO-nyň ýaýradan beýanatynda, duşenbe güni Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň Torham regionynda ýerleşýän harby baza hüjümiň amala aşyrlandygy tassyklanylýar.

Şeýle-de beýanatda bellenmegine görä, amala aşyrlan bu hüjümde Owanystandaky halkara koalisiýasynyň agzalaryndan ýa-da owgan howpsuzlyk güýçlerinden hiç kim öldürilmändir.

Maglumatlara görä, şol partlamalrda hüjümçileriň azyndan üçüsi ölüpdir.

Nangarhar welaýatynyň metbugat wekiliniň habar gulluklaryna beren maglumatynda bolsa, harby baza partladyjy serişdeli birnäçe söweşijiniň hüjüm edendigi we şonda azyndan bir ulagly bomba partlamasynyň amala aşyrlandygy bellenýär.

Üç ýarym sagat dowam eden hüjümiň basyp ýatyrylmagyna kömek etmekleri üçin NATO-nyň wertolýotlary çagyryldy.

Gürrüňi edilýän bu baza, Owganystanyň Jelalabat we Torham regionlarynyň arasyndaky uly ýoluň ugrunda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG