Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Staliniň heýkeli ýumruldy


Gürjüstanda sowet diktatory Iosif Staliniň täze ýadygärligi açylandan birnäçe sagat soň ýykylyp-ýumruldy. Iki metr beýiklikdäki heýkel gijäň ýary nämälim şahslar tarapyndan mämişe reňke boýalypdyr.

Staliniň bu heýkeli Gürjüstanyň paýtagty Tbilisiden 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Telawi şäherinde dikeldilipdi.

Şeýle-de, Staliniň bu heýkeli ýekşenbe güni ýerli Stalin jemgyýeti tarapyndan 2-nji jahan urşy döwründe heläk bolan esgerlere bagyşlanyp dikeldilen ýadygärligiň gapdalynda açylypdy.

Dekabr aýynda Staliniň 134-nji doglan gününe bagyşlap, onuň dogduk mekany Goriniň ýaşaýjylary Staliniň heýkelini gaýtadan dikeltmegi planlaşdyrýarlar. Staliniň agzalýan heýkeli 2010-njy ýylda prezident Mihail Saakaşwiliniň häkimiýeti tarapyndan aýrylypdy.
XS
SM
MD
LG