Sepleriň elýeterliligi

BMG: Yrakda 800 adam öldi


Birleşen Milletler Guramasy, awgust aýynda Yrakdaky ýowuzlyklarda 800-den gowrak adamyň öldürilendigini habar berýär.

BMG ýekşenbe güni ýaýradan raportynda, Yrakda birnäçe aý bäri dowam edýän ýowuzlyklaryň has hem artýandygyny tassyklaýar. Emma muňa garamazdan, raportda ýurtdaky ýowuzlyklarda ölenleriň sanynyň iýul aýy bilen deňeşdirlende awgust aýynda bir az pesdigi bellenilýär.

BMG-niň resmisi Žaklin Badkokyň AFP habar gullugyna beren maglumatynda, Yrakdaky dörän ýowuzlyklarda şu ýylyň başyndan bäri 5 müňe golaý parahat ilatyň öldürlendigi we 12 müň töwereginiň hem ýaralanandygy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG