Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasy Siriýa basyşy goldaýar


Arap Ligasyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleriniň Siriýa boýunça maslahaty, Kair, 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabry.

Arap Ligasyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleriniň Siriýa boýunça maslahaty, Kair, 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabry.

Arap Ligasyna girýän döwletler Siriýada 1 400-den gowrak parahat adamyň ölümine sebäp bolandygy aýdylýan himiki hüjümler bilen baglylykda Siriýanyň hökümetine garşy halkara aksiýalary goldaýar.

Bu karara Kairde geçirilen maslahatda gelindi. Bu karara laýyklykda 21-nji awgustda bolan hüjümleriň “doly jogapkärçiligi” Siriýanyň režiminiň üstüne ýüklenildi we hüjümlere gatnaşanlaryň “ählisiniň halkara tribunaly tarapyndan jezalandyrylmagyna” çagyryş edildi.

Arap Ligasynyň baş resmisi Nassif Hitti bu kararyň mazmunyny köpçülige ýetirdi.

Şu ýylyň başynda 22 ýurdy öz içine alýan Arap Ligasy Siriýanyň guramadaky ornuny Siriýanyň oppozision koalisiýasyna beripdi.

Waşingtondaky diskussiýa

Arap Ligasynyň soňky beýannamasy ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Siriýanyň režimine garşy halkara çärelerini amala aşyrmak boýunça öz inisiatiwasyna Kongresde goldaw tapmak boýunça edýän tagallalaryna we bu barada amerikan kanun çykaryjylarynyň arasynda diskussiýanyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Resmileriň sözlerine görä, Obama we onuň ýokary derejeli ýaranlarynyň ençemesi kanun çykaryjylary harby çäreleri goldamaklyga çagyrdylar. Bu mesele boýunça has giňişleýin gepleşikleriň duşenbe güni geçiriljekdigi aýdyldy.

Köpçüligiň pikirini öwrenmeleriň netijelerine görä, amerikanlaryň köpüsi harby çäreleriň zerurdygyna we munuň ABŞ-nyň bähbitlerine gabat gelýändigine şübheli garaýarlar.

ABŞ-nyň Senaty we Wekiller öýi Obamanyň teklibine resmi derejede 9-njy sentýabrda gararlar.

Hüjümleriň jogapkärçiligi

Şenbe güni Barak Obama Siriýanyň režimine garşy “çäklendirilen” harby çäreler arkaly zarba urmak kararyna gelendigini, emma munuň üçin başda agzalýan kararyň Kongresde makullamagyny isleýändigini mälim etdi. Ol himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň ýol berilmesiz ädimdigini we ony ulanan tarapyň jezalandyrylmalydygyny belledi.

Waşington Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagy zerarly 1 429 adamyň heläk bolandygyny aýdýar.

Siriýanyň hökümeti himiki ýaraglary ulanmak arkaly edilen hüjümleri özüniň amala aşyrmandygyny we bu hüjümlere gozgalaňçylaryň jogapkärdigini aýdýar.

Siriýanyň “Al-Thawra” resmi gazeti ýekşenbe güni Obamanyň aýyplamalaryny ýaňsylady.

Ýekşenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýanyň režiminiň nerwleri ysmaz edýän zarin himiki serişdesini ulanmagynyň subut edilendigini aýtdy.

Jon Kerri amerikan telewideniýesinde eden çykyşynda Damaskyň gündogaryndan alnan nusgalar barlananda, olarda zarin serişdesiniň tapylandygy mälim etdi.

Jon Kerri Kongresiň ABŞ-nyň Siriýanyň režimine garşy zarba urmagyny makullajakdygyna ynam bildirdi.

BMG-niň barlaglary

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun hüjümleriň bolan ýerlerinden nusga alan inspektorlary barlaglary mümkin boldugyça tiz tamamlamaga çagyrdy.

BMG bu nusgalaryň duşenbe güni Ýewropanyň laboratoriýalaryna iberiljekdigini, emma netijeleriň haçan taýyn boljagynyň entek belli däldigini aýtdy.

BMG-niň ýolbaşçysy inspektorlaryň geçiren baglaglarynyň netijeleri yglan edilmeginden öň Siriýa garşy gönükdirilen hiç hili harby çäreleriň amala aşyrylmaly däldigini aýtdy. Şol bir wagtda-da inspektorlaryň barlaglarynyň netijelerinde himiki hüjümleriň kim tarapyndan amala aşyrylandygynyň anyklanmak göz öňünde tutulmaýar.
XS
SM
MD
LG