Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nurmämmedow: "Halk prokuraturadan gorkýar"


Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Ý.Ýazmyradow. 2012 ý.
Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Ý.Ýazmyradow. 2012 ý.
Geçen şenbe güni prezident G.Berdimuhamedow ýurduň baş prokurory Ý.Ýazmyradowy, "işinde goýberen çynlakaý kemçilikleri üçin" diýen kesgtileme bilen, wezipesinden boşatdy.

Şeýle-de ýatlap geçsek, mundan iki töweregi wagt ozal prezident Lebap welaýatynyň, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň, Mary welaýatynyň Altynsähra etrabynyň, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň prokurorlaryny işinden boşadypdy.

Şonda prezident Balkan welaýatynyň, Mary welaýatynyň prokurorlaryna işde goýberen kemçilikleri üçin hem berk käýinç we duýduryş beripdi.

Eýsem, prokuratura pudagyndaky bu soňky özgermetlerden nähili netije çykaryp bolýar? Bu soraglar bilen Azatlyk Radiosy ýerli synçy, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen ýörite söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:59 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG