Sepleriň elýeterliligi

Ýolötende Hytaýyň liderine garaşylýar


Köçeler bejerilýär

Köçeler bejerilýär

Güni takyk bolmasa-da, ýakyn günlerde, belki-de şu hepdäniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana gelmegine garaşylýar.

Resmi bolmadyk habarlardan mälim bolşuna görä, Türkmenistana geljek myhmanyň barjak ýerleriniň biri hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň gündogarynda ýerleşýän Galkynyş gaz kompleksi bolar.

Ol ýerde Hytaýyň milli nebit kärhanasy (CNPC) tarapyndan gurulýan tebigy gazy arassalaýjy zawodyň dabaraly açylyşynyň boljakdygy we oňa iki ýurduň baştutanlarynyň gatnaşjakdygy barada habarlar bar.

Taýýarlyk başlady

Myhmanyň geljek güni takyk belli bolmasa-da, Mary şäherinde we onuň töweregindäki etraplarda myhmany garşylamak üçin dürli çäreler görülýär. Taýýarlyk barada aýdylanda, Mary şäheriniň aeroportundan tä Ýolötene çenli ençeme ýyldan bäri bejergä mätaç bolan asfalt ýollary abatlanýar.

Bejerilýän ýollaryň ýapylandygy sebäpli, häzirki wagtda Mary şäherinde awtoulaglaryň dyknyşygy öňküsinden hem uly. Şonuň üçin hem sürüjiler ýolda dykylyp durmajak bolup, şäheriň içindäki kiçeňräk ýollardan geçýärler, onsoň ol ýollarda hem görlüp-eşidilmedik dyknyşyklar döreýär.

Ýollaryň ýapylmagy zerarly görülýän kynçylyklaryň Mary şäheriniň sürüjileri üçin uzak dowam etmejegini ol ýerdäki alnyp barylýan işlerden hem göz ýetirmek bolýar. Ýollaryň bejergi işlerini alyp barýan edaralaryň gije-gündiz işlemegi Mary şäheri üçin adatdan daşary bir ýagdaý.

Şäheriň beýleki ýerleri

Emma bu bejergi işleriniň diňe myhmanlaryň geçjek ýoluna gönükdirilmegi, käbir marylylaryň lapyny keç edýär. Sebäbi şäheriň beýleki ýerlerindäki köçeleriň hem köp bölegi könelişen, ol köçeleriň asfalt düşegi halys lagşan.

Ýollaryň diňe daşary ýurtly myhmanlar gelende bejerilmegi indi marylylar üçin täzelik däl, mundan ozal hem şu ýylyň başlarynda Mary-Serhetabat ýolunyň Mary-Murgap böleginde hem bejergi işleri geçirilipdi. Şonda hem welaýata Hytaýyň ýolbaşçysy gelmeli diyen habar bolupdy.

Edil häzirki wagtda bolşy ýaly, şol wagt hem Marynyň köçelerinde ulag dyknyşyklary emele gelipdi, Ýolötene we ondan aňyrda ýerleşýän etraplara gitjek awtoulaglar bolsa Baýramaly şäheriniň üstünden, Murgap etrabyna-da Mary etrabynyň üstünden geçmeli edilipdi.

Häzirki wagtda amala aşyrylýan çärelere gaýdyp gelsek, myhmanlar gelmezden ozal olaryň geçjek beýleki ýollary hem tekizlenip, ýollaryň gyrasynda her hili şygarlar asylýar we ýollaryň gyralaryna gara öýler dikilýär.

Çärä gatnaşyjylar

Bu taýýarlyk işine, şeýle çärelerde hemişe bolşy ýaly, mekdep okuwçylary hem gatnaşdyrylýar. Esasanam orta we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, medeniýet işgärleri ýoluň gyrasynda durup, bir eline ak gül, beýleki eline-de iki ýurduň baýdagyny alyp, myhmanlary garşylarlar.

Mary-Ýolöten aralygynda, ýoluň 60 kilometrden gowrak bolmagyna garamazdan, adamlardan gurnalan diri koridoryň döredilmegine garaşylýar. Adynyň agzalmagyny islemedik mugallymyň aýtmagyna görä, bu çäre üçin Serhetabat, Tagtabazar ýaly etraplaryň mekdep okuwçylary çagyrylypdyr.

Mary welaýatyna ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylarynyň gelmegi ýygy-ýygydan bolup duran waka däl. Emma welin bu gezek boljak çäräniň gerimi mundan öňküler bilen deňeşdirilende, has uly boljaga çalymdaş.

Belki, munuň sebäbi bu saparyň Hytaýyň ýakynda häkimiýet başyna geçen ýolbaşçysynyň Türkmenistana edýän ilkinji resmi wiziti bolany sebäplidir? Şol bir wagtyň özünde-de bu günki gün Marynyň Ýolöten etraby Hytaý üçin strategiki ähmiýete eýe bolana meňzeýär. Munuň esasy sebäbi-de, meger, Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň öz gözbaşyny bu etrapdan we onuň töweregindäki gaz ýataklaryndan alýanlygyndadyr.

Bu gazgeçiriji 2011-nji ýylyň noýabr aýynda ulanyşyga berildi we ol öz doly güýjünde işläp başlanda bu gazgeçirijiden Hytaýa her ýylda 30 milliard kubometr gaz akdyrylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG