Sepleriň elýeterliligi

Pagta alternatiw material gözlenýär


Dünýäde millionlarça adamyň geýýän geýimleriniň uly bölegi pagta matasyndan edilen, şol sanda jinsi matadan tikilen geýimler-de, pagtadan edilýär. Olary geýmek hem ýeňil, hem-de ýakymly bolýar.

Emma pagta matasynyň önümçiligi we onuň tebigata ýetirýän täsiri babatynda “ýeňil” diýen sözi ulanyp bolmaýar. Dizaýn boýunça ylmy iş alyp barýan Dawn Ellams dünýäde ilkinji bolup, pagta matasyndan bolmadyk jinsi balagyny döretdi. Ol jinsi matasynyň önümçiliginiň tebigata ýetirýän ýaramaz täsiri barada düşündiriş berip, önümçiligiň ilkinji nobatda örän köp suwy talap edýändigini aýdýar.

Suwuň sarp edilmegi

Ellamsyň sözlerine görä, aslyýetinde pagta önümçiliginiň özüne-de köp suw gidýär, emma soň jinsi matalary reňklemek hem gerekli reňki döretmek üçin-de gaty köp suw sarp edilýär.

Netijede pagtanyň ekilmeginden başlap, gutarnykly önüm hökmünde fabrikde tikilip, taýýar geýim bolýança, diňe bir sany jinsi balak üçin tutuş prosese 10 müň litr suw sarp edilýär.

Üstesine-de, bu önümçilik prosesinde gaty köp zähmet güýji ulanylýar. Netijede pagtadan edilen geýimler iň çylşyrymly önüme öwrülýär.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýada pagta ýygym kampaniýasy dowam edýärkä, oňa zähmet güýjüniň mejbury çekilýändigi we suw resurslarynyň barha azalýandygy baradaky maglumatlaryň köpelmegi, pagta önümçiliginiň agyr netijelerine bildirilýän aladalanmalaryň güýçlenmegine itergi berdi.

Ewkaliptiň süýümi

Şotlandiýanyň Herot-Watt uniwersitetinde reňk we dokma önümçiligi boýunça ylmy iş alyp barýan Ellams alternatiwanyň bardygyny aýdýar.

Ellams pagtadan bolmadyk matalary çykarýan “Tensel” atly fabrigiň öndürýän önümleriniň örän ýumşak we ýakymlydygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, adamlar pagta önümlerini-de hut şu sebäpden saýlap alýarlar.

Pagtadan bolmadyk täze önümler üçin ulanylýan serişdeler liosell ady bilen hem tanalýar. Bu serişde ewkalipt agajynyň süýüminden öndürilýär we tebigy serişde diýlip hasaplanýar.

Ewkalipt agaçlaryny ösdürmek üçin pagta önümçiligine garanda 70% az ýer talap edilýär, şeýle-de olara 20 esse az suw sarp edilýär.

Pagta garşy kampaniýa

“Tensel” fabriginiň dokma önümler boýunça baş inženeri Jim Teýlor liosellden edilen matalardan köp zady tikip bolýandygyny aýdýar we soňky ýyllarda oňa bolan talabyň gitdigiçe artýandygyny belleýär.

“Tensel” fabriginiň önümleriniň meşhurlygy dünýäde tebigata zyýansyz önümçilige bolan talaplaryň artmagy we önümçilikde mejbury zähmet güýjüniň ulanylmagyna garşy çykyşlaryň güýçlenmegi bilen bagly.

Pagta önümçiliginde mejbury iş güýjüniň ulanylmagyna garşy çykyş edýän adam hukuklaryny goraýjylaryň we inwestorlaryň “Pagta kampaniýasy” atly toparynyň koordinatory Mettýu Fişer-Daly pagtadan bolmadyk önümleriň önümçiligini ýaýbaňlandyrmak arkaly mejbury iş güýjüni ulanýan Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlarda pagta ýygymyna ilatyň zor bilen çekilmeginiň we ýurtlaryň pagta önümçiligine garaşly bolmagynyň soňuna çykyp boljakdygyny belleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG