Sepleriň elýeterliligi

Ortaýer deňzinde raketa atyldy


Orsýetiň Goranmak ministrligi öz radarlarynyň Ortaýer deňziniň gündogar bölegine golaý ýerde iki sany ballistik “obýektiň” atylandygyny hasaba alandygyny aýtdy.

Orsýetiň habar agentlikleri Goranmak ministrliginiň metbugat wekiline salgylanyp, raketalaryň sişenbe güni irden Aşgabat wagty bilen sagat 11:16-da atylandygyny habar berdiler. Bu Orsýetiň günortasyndaky Armawir regionynda ýerleşýän radar sistemasy tarapyndan anyklanypdyr.

Ysraýyl sişenbe güni Ortaýer deňzinde ABŞ bilen bilelikde raketa synaglaryny geçirendigini mälim etdi. Ysraýylyň Goranmak ministrligi özüniň raketadan goranmak sistemasyny synamak üçin raketalary atandygyny aýtdy. Munuň öňüsyrasynda Ysraýyl raketalaryň atylmagyndan özüniň habarsyzdygyny aýdypdy.

Raketa synaglary baradaky bu gapmagarşy maglumatlar ABŞ-nyň Siriýa garşy harby çärelere görýän taýýarlyklarynyň çäginde Ortaýer deňzinde amerikan harby gämileriň ýerleşdirilmeginiň yzýany peýda boldy.
XS
SM
MD
LG