Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Siriýanyň hökümetini aýyplady


Fransiýa geçen aýda Damasyň golaýynda bolan himiki hüjümleriň diňe Siriýanyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylyp bilnendigini aýtdy.

Fransiýanyň howpsuzlyk gulluklarynyň hasabatlarynda aýdylyşyna görä, 21-nji awgustda bolan hüjümler “uly möçberde himiki serişdeleriň ulanylmagynda” amala aşyrylypdyr.

Hasabatda, hüjümlerde azyndan 281 adamyň heläk bolandygy aýdyldy.

Waşingtonda senator Jon Makkeýn žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, prezident Barak Obamanyň Siriýa garşy harby çäreleri amala aşyrmak üçin Kongressiň goldamagyny isleýän bolsa has güýçli delil getirmelidigini belledi. Şeýle-de, Makkeýn Kongressiň agzalaryny Obamanyň harby çäreler babatyndaky inisiatiwasyna garşy ses bemäge ündedi we Siriýa garşy harby çäreleriň betbagytçylykly netijeleri döredip biljekdigini aýtdy.

Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assad himiki hüjümlere gatnaşygy baradaky aýyplamalary ýene-de ret etdi.
XS
SM
MD
LG