Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: BMG bosgunlaryň sanyny mälim etdi


BMG Siriýada dowam edýän graždan uruşy zerarly iki milliondan gowrak adamyň öz ýurduny terk edendiklerini aýdýar.

BMG-niň Bosgunlar boýunça agentliginiň aýtmagyna görä, bosgunlaryň sany soňky 12 aýyň dowamynda on esse göterilipdir.

BMG-niň Bosgunlar boýunça baş komissary Antonio Gutteres “Siriýa asyryň iň uly betbagytçylygyna öwrüldi” diýdi. BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasy her gün 5 müňe golaý adamyň Siriýa bilen goňşy ýurtlara bosgun bolup gidýändigini aýdýar. Maglumata görä, öz öýlerini terk eden ýene 4 million 250 müň adam ýurduň içinde galýar.

Siriýaly bosgunlary kabul edýän ýurtlaryň ýagny Yragyň, Iordaniýanyň, Liwanyň we Türkiýäniň ministleri BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň resmileri bilen çarşenbe güni Ženewada duşuşyp halkara ýardamyny artdyrmak meselesini maslahat etmegi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG