Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Söweşijilere zarba uruldy


Müsüriň harbylary sişenbe güni söweşijilere garşy howadan zarba urup başladylar. Müsüriň “Nil TW” telekanalynyň habar bermegine görä, bu operasiýada 15 söweşiji öldürilipdir.

Ýurduň Ysraýyl we Gaza sektory bilen serhetleriniň golaýynda ýerleşýän Şeýh Zuweýd atly şäheriň golaýyndaky iki obanyň harbylaryň dikuçarlary tarapyndan oka tutulandygy, şeýle-de söweşijilere garşy hüjümleriň ýene dowam etdirilýändigi barada habar berilýär.

Sinaý ýarym adasynyň çöllük regionlarynda söweşýän gozgalaňçylar Müsüriň howpsuzlyk güýçlerine garşy göreşýärler. Müsüriň harbylary 3-nji iýulda ýurduň prezidenti Muhammad Morsini häkimiýet başyndan çetleşdirip, ony tussag edipdi.

19-njy awgustda söweşijileriň 25 sany polisiýa işgärini öldürendikleri barada habar berilipdi.
XS
SM
MD
LG