Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Fransiýa himiki hüjümi hökümet etdi diýýär


Fransiýanyň premýer-ministri Žan-Mark aýrault.
Fransiýanyň premýer-ministri Žan-Mark aýrault.
Fransiýa geçen aý Siriýanyň paýtagty Damaskyň golaýynda amala aşyryldy diýilýän himiki hüjümleriň diňe Siriýanyň hökümetiniň edip biljekdigini aýtdy. Fransiýa 21-nji awgustda bolan şol hüjümde uly möçberde himiki maddalaryň ulanylandygyny aýdýar.

Fransiýanyň premýer-ministri tarapyndan ýaýradylan şol maglumata görä, “agzalýan hüjüm bilen ilteşikli azyndan 281 adamyň ölendigine aýtmaga esas bar”. Bu raport 2-nji sentýabrda parlamente hödürlendi.

ABŞ

Waşingtonda bolsa senator Jon Mak-Kaýn prezident Barak Obamanyň, eger Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada garşy hüjüm edilmegi üçin Kongresiň goldawyny gazanjak bolsa, bu ugurdan has düýpli teklip bilen çykyş etmeginiň zerurdygyny nygtady.

Ol aýratynam, eger Kongres prezidentiň Siriýa hüjüm etmek teklibini ret etse, onda munuň aýylganç netijeleriniň bolup biljekdigini duýdurdy.

ABŞ-nyň prezidenti Siriýa meselesinde çäre görüljekdigini aç-açan aýdandan soň, eger Kongres bu rezolýusiýany ret etse, bu biziň ýurdumyzyň abraýyna uly täsirini ýetirer. Onuň diňe häzirki prezidente däl, mundan beýläk häkimiýet başyna geljek prezidentlere hem täsiri ýeter diýip, senator Mak-Kaýyn aýtdy.

Ol bu pikirini 2-nji sentýabrda Ak tamda prezident Barak Obama bilen bolan duşuşygyndan soňra beýän etdi. Obama Siriýa garşy harby çäre görmek meselesinde Kongresiň goldawy bolmazdan hereket etmejegini aýtdy. Bu teklip Kongresde 9-njy sentýabrdan ozal ses berlişige goýlup bilinmez.

Obamanyň administrasiýasyna Siriýa garşy harby çäre görmäge rugsat edilip-edilmejegi baradaky diskussiýa Senatyň daşary gatnaşyklar komitetinde sişenbe güni başlanýar. Şol sessiýada döwlet sekretary Jon Kerri we goranmak sekretary Çak Hagel dagylar çykyş edýärler.

Assad çykyş etdi

Şol bir wagtyň özünde-de Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Fransiýanyň Le Figaro gazetine beren interwýusynda Günbataryň Siriýa hüjüm etmeginiň tutuş regiony bulaşdyryp biljekdigini aýdýar. Bu interwýu 2-nji sentýabrda çap edildi.

Ol şol interwýuda aýratynam, eger bu harby interwensiýa goşulsa, onda Fransiýanyň bu urşuň netijeleri bilen hem ýüzbe-ýüz boljakdygyny sözüne goşdy. Şol bir wagtyň özünde-de Brýusselde 2-nji sentýabrda geçiren metbugat ýygnagynda NATO-nyň baş sekretary Fog Rasmussen Siriýada ulanylan himiki ýaraglar bilen bagly Damaska berk jogap berilmelidigini mälim etdi.

Ol Siriýa garşy amala aşyrylmagy mümkin islendik harby çäräniň gysga, gyzgalaňly we örän planly boljakdygyny belledi. Emma Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa Siriýada himiki ýaraglar ulanyldy diýilýän pikirleriň örän şubhelidigini aýdýar.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň 2-nji sentýabrda ýaýradylan beýanatynda himiki ýaraglar ulanyldy diýilýän mesele bilen baglanyşykly käbir subutnamalaryň hödürlenendigi we häzirki wagtda Pekiniň BMG-niň inspektorlarynyň Siriýada geçiren barlaglarynyň netijesine garaşýandygy aýdylýar.

BMG-niň inspektorlary häzirki döwürde Siriýadan toplan matariallaryny barlagdan geçirýärler.
XS
SM
MD
LG