Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana ýaýran “Salcano” tigirleri


Tigir sürüp barýan ýetginjek
Tigir sürüp barýan ýetginjek
Ýaşyl reňkli, aşaky ramasyna Türkmenistan diýlip ullakan harplar bilen ýazylan “Salcano” türk kompaniýasynyň tigirleriniň häzirki wagtda Türkmenistanda iň köp ýaýran welosipedlerdigini aýtmaga doly esas bar.

1-nji sentýabrda ýurt boýunça geçen welomarafonda Hytaýdan getirilen tigirler hem göze ilýärdi. Emma, esasan, “Salcano” türk kompaniýasynyň welosipedleri agdyklyk edýärdi. Bu öň Türkmenistanda o diýen kän görlen tigir däl.

Şeýle-de şol tigirleriň ýörite Türkmenistan üçin niýetlenilip öndürilendigini aýtmaga hem esas bar. Sebäbi tigirlerde Türkmenistanyň ady ýazylypdyr. Ýurda getirilen şol tigirleriň sany hakda hem resmi maglumat ýok. Emma käbir näresmi çeşmelerden belli bolşuna görä, olaryň sany 30-40 müň aralygynda bolmaly.
“Salcano” tigirleri
“Salcano” tigirleri
Bu sany resmi metbugatda marafona gatnaşan welosipedçileriň sany baradaky habar hem belli bir derejede tassyklaýar. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, 1-nji sentýabrda geçirilen tigirli marafona ýurt boýunça 30 müňden gowrak adam gatnaşypdyr.

Şol bir wagtda-da bu tigirleriň asyl bahasy barada hem takyk maglumat ýok. Bu tigirler paýtagtyň dükanlarynda ýa-da bazarlarynda satylmady. Olar, esasan, pudak edaralaryna we okuw jaýlaryna paýlanyp berildi. Onuň bahasyny bolsa welosipedi paýlan edaralaryň özi goýupdyr.

Paýlanýan we satylýan tigirler

Käbir edaralara we okuw jaýlaryna bu tigirler mugt paýlanan bolsa, olaryň käbirleriniň işgärleri bu tigirleri öz pullaryna satyn almaly boldular. Paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň birinji kurs studentleri bu tigirler üçin 175 dollar töläpdirler.

Emma käbir edara-kärhanalarda bu tigirler 200 dollardan satylypdyr. Bu tigirleriň hili şol pula degýärmi diýen soraga-da Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň berýän jogaplary dürli-dürli. Olaryň aýtmaklaryna görä, bir-iki türgenleşikden soň döwlen welosipedler hem köp bolupdyr.
Ulaga salnan tigir
Ulaga salnan tigir
Bu fakty aýan edenleriň biri hem Aşgabatda ýerleşýän ýerli hökümet edaralarynyň biriniň işgäri, 40 ýaşlaryndaky Amanmyrat. Ol bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi. “Döwlen tigirler boldy, tigirler mugt berlen edaralarda, onuň çykdajysyny tigir süren işgäre töletdirdiler”.

Dag tigirleri

Türkmenistanda geçirilen welomarafon we oňa gatnaşdyrylan welosipedçiler bilen baglanyşykly ýene bir problema bar. Ol hem ýurda getirilen şol tigirleriň aglabasynyň daglarda sürmek üçin niýetlenen tigirlerdigi. Türkmenistanda bolsa olar adaty ýollarda ulanyldy.

Türkmenistanda edil häzirki döwürde welosiped öndürýän kärhanalaryň bolmaýşy ýaly, olary bejerýän ýörite tehniki stansiýalar hem ýok. Onsoň zerurlyk ýüze çykanda, adamlara tigriň degişli ätiýaçlyk şaý-seplerini tapmak hem aňsat däl.

“Salcano” welosiped firmasy diňe Türkmenistana däl, dünýäniň ençeme ýurduna tigir eksport edýär. Emma şol bir wagtyň özünde-de Türkiýede 1975-nji ýylda düýbi tutulan bu firmanyň welosipedleriniň Türkmenistana haýsy firma tarapyndan getirilendigi barada takyk maglumat ýok.

Şeýle-de haýsy esaslara görä bu tigriň saýlanandygy hakda hem köpçülikleýin habar serişdelerinde hiç hili maglumata duş gelinmeýär. Ony satyn almaly edilen adamlar bolsa, onuň hiline seredip däl, eýse işleýän edara-kärhanalarynyň ýa-da degişli ýokary okuw jaýlarynyň talaby esasynda satyn alandyklaryny aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da ýurda getirilen bu welosipedleriň köpüsiniň iň bolmanda sentýabr aýynda tozanlap ýatmajakdygyny hem aýtsa bolar. Türkmen döwlet habarlar gullugy düýnki geçirilen gönümel wideogörnüşli iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň prezidentiniň her hepdäniň ýekşenbe gününde ýokary okuw jaýlarynyň studentleri üçin sport çärelerini gurnamak, şol sanda welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça wise-premýer S.Toýlyýewe birnäçe tabşyryklary berendigini habar berdi.

Bu habar gullugynyň ýaýradan maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti şol maslahatda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygyň çäklerinde geçiriljek bu çärelere ýurduň isleg bildirýän ähli raýatlarynyň gatnaşyp bilmelidigini aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG