Sepleriň elýeterliligi

Putin Siriýa garşy hüjümi "aradan aýyrmaýar"


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin “Siriýa hökümetiniň öz halkyna zäherli gaz bilen hüjüm edendigi subut edilse, onda Moskwa Birleşen Milletler Guramasynyň Damaska garşy harby zarba urmak rezolýusiýasyny goldamak mümkinçiligini "aradan aýyrmaýar" diýdi.

Putin bu barada Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek G20 sammitiniň öňüsyrasy geçirilen interwýuda belläp geçdi.

Putin Günbatara ýüzlenip, Siriýa garşy "bir taraplaýyn" herekete geçilmegine garşy duýduryş berdi.

Şeýle-de, ol Moskwanyň Siriýany howa goranyş sistemaly raketalaryň käbir düzümi bilen üpjün edendigini sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG