Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda alty çaga öldi


Owganystanda balyk tutmak üçin derýanyň suwuna raketa uçuran sekiz owgan polisiýasy tussag edildi. Şol wakada alty çaga ölüpdi.

Içeri işler ministri bu wakanyň anna güni Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan welaýatynyň Doşi etrabynda ýüz berendigini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, polisiýa ofiserleriniň biri granatamýoty derýanyň suwuna oklap, ýarypdyr.

Şonda raketa ters tarapa gidip, derýanyň beýleki tarapynda oýnaýan çagalaryň ölmegine sebäp bolupdyr. Şol wakada başga-da iki çaga ýaralanypdyr.

Baglan welaýatynyň metbugat wekili Ahmad Jawid Başarat, heläk bolan çagalaryň 10 bilen 14 ýaş aralygyndadygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG