Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň lideri Türkmenistanda


Çarşenbe güni Hytaýyň prezidenti Si Jinping Türkmenistana döwlet saparyny dowam etdirýär.

Sişenbe güni Aşgabatda Si we prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ençeme ylalaşyklara gol goýmaga taýýarlandylar. Olaryň arasynda 2020-nji ýyla çenli her ýyl 65 milliard kubametr türkmen gazyny Hytaýa akdyrmak baradaky ylalaşyk hem bar.

Si Merkezi Aziýanyň we Orsýetiň habar serişdelerine beren interwýusynda, "Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygy, dünýä energiýa hyzmatdaşlygy üçin göreldedir" diýdi.

Türkmenistan Hytaýy tebigy gaz bilen üpjün edýän esasy çeşmedir. Hytaý bolsa, Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşydyr.

Si Merkezi Aziýa edýän saparynyň dowamynda Gazagystana, Özbegistana we Gyrgyzystana hem barar.

Si mart aýynda döwlet başyna geçeli bäri, bu onuň regiona edýän ilkinji saparydyr. Penşenbe güni Si Jinping Sank Peterburgdaky G20 sammitine gatnaşar.
XS
SM
MD
LG