Sepleriň elýeterliligi

Putin Siriýa boýunça pikirini aýtdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, 2013-nji ýylyň 3-nji sentýabry.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, 2013-nji ýylyň 3-nji sentýabry.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin özüniň BMG-niň Siriýa garşy harby çäreler boýunça rezolýusiýasyny goldamaklygy “aradan aýyrmaýandygyny” mälim etdi. Emma Orsýet munuň üçin Damaskyň öz halkyny zäherländiginiň subut edilmelidigini nygtady.

Wladimir Putiniň sözlerine görä, Orsýetiň reaksiýasy Siriýada amala aşyrylan himiki hüjümlere jogapkär tarap barada obýektiw we takyk maglumatlaryň berilmegine bagly bolar. Putin Orsýetiň prinsipial pozisiýany eýeleýändigini we köpçülikleýin gyrgynçylyga getirýän ýaraglaryň ulanylmagyna jenaýatçylyk hökmünde garaýandygyny tekrarlady.

Siriýa degişli çäreler

Orsýetiň prezidenti Siriýa boýunça bu pozisiýasyny “Uly 20-lik” guramasynyň Sankt-Peterburgda geçiriljek sammitiniň öňüsyrasynda Assosiated Press agentligine we Orsýetiň Birinji telekanalaryna beren interwýusynda mälim etdi.

Putin günbatar döwletlerini Siriýa garşy “birtaraplaýyn” çäre görmekden saklanmaga çagyrdy. Putin eger köpçülikleýin gyrgynçylyga sebäp bolan ýaraglaryň gozgalaňçylar tarapyndan ulanylandygy tassyklanan ýagdaýynda ABŞ-nyň nähili hereket etjekdigi barada soragyň döreýändigini aýtdy.

Putin Orsýetiň Sirýa S-300 kysymly raketadan goranyş sistemasy üçin käbir gurallary iberendigini, emma mundan beýläk ýarag ibermegi duruzýandygyny mälim etdi.

Orsýetiň prezidenti ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň “Uly 20-lik” guramasynyň sammitiniň öňünden Moskwada duşuşmakdan ýüz öwrendigini aýdyp, muňa gynanç bildirdi. Putin Sankt-Peterburgdaky gepleşiklerde Siriýa we beýleki meseleler boýunça düýpli maslahat geçirilmegine umyt baglady.

Snowdeniň işi

Şeýle meseleleriň biri ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri Edward Snowdeniň ýagdaýy bilen bagly. Orsýet Snowdene wagtlaýyn gaçybatalga berdi. Waşington Snowdeniň Birleşen Şatatlara berilmegini isleýär we onuň amerikan gözegçilik programmalary barada gizlin maglumatlary ýaýradandygy üçin suduň öňünde jogap bermegini talap edýär.

Putin Snowdeniň ekstradisiýa edilmejegini, sebäbi munuň üçin Orsýet bilen ABŞ-nyň arasynda ýörite ylalaşygyň ýokdugyny aýdýar. Putin Snowdeniň Orsýetiň häkimiýetlerine hiç hili syrlary paş etmändigini öňe sürýär.

Içerki meseleler

Agzalýan interwýuda Putin Orsýetiň käbir içerki meseleleriniň üstünde-de durup geçdi. Ol ýakyn wagtda Moskwanyň merini saýlamak boýunça geçiriljek saýlawlar barada gürrüň gozgap, bu wezipe ugrunda göreşýän oppozision dalaşgär Alekseý Nawalnyny tankyt etdi. Putin saýlawlarda kim ýeňiş gazansa, onuň bilen işleşjekdigini aýtdy, emma saýlawlardan öňki pikir öwrenmelere görä, Moskwanyň häzirki meri Sergeý Sobýaniniň öňde barýandygyny belledi.

Putin Nawalnynyň saýlaw platformasyny hem tankyt etdi we onuň korrupsiýa garşy göreşi “ses toplamak” üçin ulanýandygyny belledi.

Şeýle-de, Putin ýakynda kabul edilen kanunlar, şol sanda gomoseksuallara garşy diýilýän kanun barada berlen sowala jogap berip, Orsýetiň gomoseksual jemgyýetleri bilen duşuşyp olary alada goýýan meseleleri maslahat etmäge taýýardygyny bildirdi.

Putin 2014-nji ýylda Soçide boljak Olimpiýa oýunarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bildirilýän aladalanmalar babatynda hem öz pikirini mälim etdi. Ol terrorçylardan gorkmagyň, olaryň “ýeňiş gazanmagyny aňladýandygyny” belledi we howpsuzlyk güýçleriniň hüşgär boljagyny we terrorçylara hereket etmäge hatda “ýekeje şansy-da” goýmajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG