Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: Dünýä “sessiz galyp bilmez”


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, Siriýada edilen himiki hüjümleri “warwarlyk” diýip atlandyryp, dünýä jemgyýetiniň muňa garşy “sessiz galyp bilmejekdigini” nygtady.

Obama bu barada çarşenbe güni şwesar premýer-ministri Fredrik Raýnfeldt bilen geçiren gürrüňdeşliginden soň agzap geçdi.

Obama, Siriýada 21-nji awgustda amala aşyrlan hüjümlere garşy çäre görmezlik gelejekde başga hüjümleriň hem geçirilmek howpyny artdyrar diýdi. Waşington şol hüjümleriň Siriýa hökümeti tarapyndan amala aşyrlandygyny aýdýar.

Obamanyň Şwesiýa eden bu sapary 5-6-njy sentýabrda Sankt-Peterburgda geçiriljek G20 sammitiniň öňüsyrasyna gabat geldi.

Obama G20 sammitiniň öňüsyrasynda Wladimir Putin bilen etjek duşuşygyny goý bolsun edenden soň, Ak tam onuň gün tertibine Şwesiýa sapar etmekligi girizipdi.

Obama bilen Putiniň arasynda geçiriljek duşuşyk, Orsýetiň ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň öňki işgäri Edward Snowdene 1 ýyllyk gaçybatalga bermeginiň yz ýany goýbolsun edilipdi.
XS
SM
MD
LG