Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Sen gitdiň, barja zat başgaça boldy"


Gijara
Gijara
Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň nobatdaky täze goşgulary

Köne bloknotdaky goşgy

Şol gün bagtly gündi,
Kinodan soňra:
Gije, asman Aýy, sen, men dörtdük biz.
Öýňüziň golaýy, kümäň gabady,
Aýak çekdik, ençe hyýal ýüwürtdik biz.

Bizi görüp ýalňyzlygyn duýan Aý,
Bir seretsem duwlanypdyr buluda.
Gije nikabyny çekipdir ýüze,
Diňe ikimizdik Arş-Kürs arada.

Otlukly leblere emendim birden,
Duýgydan basylan çagy ejabyň.
Aýňaltdy duluga çalynan şarpyk,
Çaldyň, meger, şarpyklaryň ajabyn.

Şol şarpyk gijäniň nikabyn syrdy,
Buldy ýaryp nal deý egri gaş çykdy.
Bar bolany: Emenen leb, soň şarpyk,
Gözümden ot, seň gözüňden ýaş çykdy.

Wah, meň posam galdy gijede ýalňyz,
Şarpyk Aýy hemra etmedi zarly.
Posa dözen bolsaň Perhat bolardym,
Şarpyk maňa inen rehimiň borly.

Söý

Söý, senden öň aşyk ýokmuş hamala,
Söýgüň nusga bolsun aşyk boljaga.
Söýeniňe degýän gyz bar jahanda,
Sen aýak tozy bol, başa bol jyga.

Dänjiräp söýmegin, däljiräp söýgün,
Hasaba ýer bolsa däldir söýdügiň.
Söýlüşiňe görä söýjek bolmagyn,
Söýşüň ýaly söýse bolar söwdügiň.

Söý, öýgüniň bir jüp ýoly bar munda,
Ýar ýolunda sarp eýlegin wagtyňy.
Söýgüň humar eder ýalňyşarsyň sen,
Ýa ýalňyşyp soň taparsyň bagtyňy.

Sensiz

Sen gitdiň, bu ýürek bikarar bolup,
Çyrpynyp, bialaç kükrege sygmyş.
Sen gitdiň, barja zat başgaça boldy,
Başgaça, täzeden başlandy durmuş.
XS
SM
MD
LG