Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Milletara nika: Kynçylygy kim döredýär?


Tansçy gyzlar

Tansçy gyzlar

Soňky iki onýyllykda türkmenistanly ýaşlaryň arasynda başga milletleriň wekilleri, başga ýurtlaryň raýatlary bilen durmuş gurýan oglan-gyzlaryň görnetin köpelendigi aýdylýar.

Hususan-da türkmenistanly aýal-gyzlaryň arasynda daşary ýurt raýatlaryna durmuşa çykýanlaryň sanynyň sowet ýyllaryndaka garanda has artandygy aýdylýar.

Şeýle nikadaky türkmenleriň käbiri Azatlyk Radiosyna özleriniň Türkmenistanda ýaşamak, ýa-da Türkmenistandaky garyndaşlary bilen gatnaşmak meselesinde emeli kynçylyklara sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Başga bir tarapdan, gowuşýan maglumatlara görä, Türkmenistanda başga milletiň wekiline durmuşa çykan türkmen zenanyna gyýa garalýan, olaryň görnetin kemsidilýän, kiçeldiljek bolunýan halatlary hem bar.

Azatlyk Radiosynyň bu meselä bagyşlan söhbetdeşligine Aşgabatdan žurnalist Soltan Açylowa, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew, Şwesiýadan ýazyjy Ahmuhammet Welsapar gatnaşdy.

Şeýle-de onda bar diýilýän emeli kynçylyklaryň pidalarynyň beren gürrüňlerinden bölekler ulanyldy.

Söhbetdeşligi diňläp, gozgalan temadan öz pikirleriňizi aýtmagyňyza garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG