Sepleriň elýeterliligi

Karaçide gözegçilik güýçlener


Pakistan ýurduň günortasyndaky port şäheri Karaçide jenaýatçylara we söweşijilere garşy berk çäre görülmegi üçin buýruk berdi.

Çarşenbe güni yglan edilen bu buýruk ýerli resmileriň, söwda liderleriň we premýer-ministr Nawaz Şarifiň arasynda iki gün dowam eden gepleşikleriň yzýanyna gabat geldi.

Karaçi Pakistanyň iň uly şäheridir. Bu şäher adam alyp gaçmalaryndan we öldürmelerinden kösenýär. Yslamçy söweşijiler, jenaýatkärler bolsa, şäherde etnikara we syýasy dartgynlygy döretmekde aýyplanýarlar.

Pakistanyň Adam hukuklaryny goraýan komissiýasynyň berýän maglumatyna görä, 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurtda 1700 adam ölüpdir.

Içeri işler ministri Nisar Ali Hanyň aýtmagyna görä, Pakistanyň howpsuzlyk agentleri dürli jenaýatlarda gözlenýän 450-den gowrak adamyň sanawyny düzüpdir.

Nisar Ali Han: “Sanawdaky şol adamlar barada howpsuzlyk agentleri öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda derňewlere başlar” diýdi.

Şeýle-de gürrüňi edilýän buýrugyň yglan edilmegi, Karaçide 14 adamyň öldürilen gününe gabat geldi. Şol ölenleriň arasynda Pakistanyň harby deňiz ofiseri hem bardy.
XS
SM
MD
LG