Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Metjide hüjüm edildi


Owganystanyň aňtaw gullugy Kabuldaky şaýy musulmanlarynyň metjidindäki owgan zyýaratçylaryna ot açan iki pakistanlynyň atylyp öldürilendigini habar berýär.

Owgan aňtaw gullugynyň berýän maglumatyna görä, penşenbe güni ir bilen amala aşyrlan hüjümde üç owgan zyýaratçy ýaralanypdyr.

Maglumatlara görä, zyýaratçylara hüjüm eden ýaragly adamlar owgan polisiýa eşiginde bolup, olaryň ikisi hem owgan agentleri bilen aralarynda bolan ok atyşygy netijesinde öldürilipdir.

Owgan hökümeti Pakistanyň hökümetini we onuň aňtaw gullugyny söweşijilere buky ýeri bermekde we olaryň Owganystanda hüjümleri amala aşyrmagyna kömek etmekde aýyplaýar.

Geçen hepde Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Yslamabada eden saparynda, owgan hökümeti bilen “Talyban” hereketiniň arasyndaky “parahatçylyk gepleşikleriniň aňsatlaşdyrylmagy” üçin Pakistanyň hökümetine çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG