Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani ýewreýleri gutlady


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ähli ýewreýleri, “hususanda Eýrandaky ýewreýleri” täze Ýewreý ýyly bilen gutlady. Ol bu gutlagy çarşenbe güni giçlik özüniň Twitter hasabyndan iňlis dilinde mälim etdi.

Geçen aý Eýranda Rohani Mahmud Ahmadinejadyň deregine häkimiýet başyna geçdi. Mahmud Ahmedinejad anti-semit, ýagny ýewreýlere garşy çykyşlary bilen tanalýardy.

Çarşenbe güni irden Rohani Eýranyň ekspertler assambleýasyndaky konserwatiw ruhanylara dünýä jemgyýetine bolan “dar” çemeleşmelerini üýtgetmäge çagyryş etdi.

Şeýle-de, çarşenbe güni Rohaniniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasyna gatnaşmak üçin, şu aýyň soňunda Nýu-Ýorka sapar etjekdigi hem yglan edilipdi.

Rohani Günbataryň Eýranyň ýadro programmasy baradaky çekeleşiklerini çaltlyk bilen çözmäge we olaryň bu mesele hakyndaky aladalaryny aradan aýyrmaga Tähranyň taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG