Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Gresiýa goşmaça kömek gerek


Ýewrotoparyň başlygy Gresiýanyň has köp maliýe kömegine zerurlyk duýmagy mümkin diýdi.

Bu barada Ýewrozonadaky maliýe ministrleri toparyna ýolbaşçylyk edýän Ýerun Dijselbloem penşenbe güni Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda belläp geçdi.

Dijselbloem “Gresiýanyň problemasy 2014-nji ýyla çenli doly çözülmez” diýdi. Gresiýada 2009-njy ýyldan bäri maliýe çökgünligi dowam edýär.

Ýewrozona hyzmatdaşlarynyň we Halkara pul fondynyň 316 milliard amerikan dollary möçberindäki Gresiýa beren halas ediş krediti ýurduň aýak üstünde durmagy we käbir derwaýys, ýöne agyr ykdysady we sosial reformalary geçirmegine kömek etdi.

Muňa garamazdan, Gresiýanyň maliýe ministri Ýannis Stournaras ýurdunyň öňümizdäki ýyl üçin goşmaça 13 milliard amerikan dollaryna zerurlyk duýýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG