Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýerewan ÝB bilen ylalaşmak isleýär


Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýanyň hökümet dolandyryjylary, "Ýerewan entek hem Ýewropa Bileleşigi bilen wajyp ylalaşyklara gelmegi umyt edýär" diýdi.

Sişenbe güni Sarkisýan Ermenistanyň Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň Gümrük bileleşigine goşuljakdygyny mälim edipdi.

Sarkisýanyň eden bu çykyşyndan soň, Ýewropa Bileleşigi “Bu karar Ermenistanyň noýabr aýynda Ýewropa bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmagynda päsgelçilik döredip biler” diýip, duýduryş beripdi.

Ermenistanyň prezident apparatynyň başlygy Wigen Sarkisýan çarşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “Ýerewan Ýewropa bileleşigi bilen erkin söwda zonasyna girmegini özüniň Gümrük bileleşigine agzalygy bilen utgaşdyrmaga synanyşýar” diýdi.

Şeýle-de, Wigen Sarkisýan “Eger-de bu durmuşa geçmese, onda Ermenistan Brýussel bilen syýasy gepleşikleri geçirmäge dowam eder” diýdi.
XS
SM
MD
LG