Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Sipri" arzalary kabul edýär


Stokgolm halkara parahatçylyk derňewler institutynyň logotipi.
Stokgolm halkara parahatçylyk derňewler institutynyň logotipi.
Birleşen Ştatlaryň Jorj Waşington uniwersitetiniň Elliot adyndaky Halkara gatnaşyklar fakultetiniň Merkezi Aziýa programmasy we Demirgazyk Amerika boýunça Stokgolm halkara parahatçylyk derňewler instituty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary üçin niýetlenen Stipendiýa programmasyna arzalary kabul edip başlady.

Bu programmanyň düzümine Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan girýär. Ýagny, agzalýan ýurtlaryň raýatlary şol stipendiýadan peýdalanmak üçin arzalaryny tabşyryp bilýärler.

Agzalýan institutyň websahypasynda berilýän maglumata görä, Demirgazyk Amerika boýunça Stokgolm halkara parahatçylyk derňewler institutynyň Merkezi Aziýa Stipendiýa programmasy, esasanam, öz analitik ussatlygyny gowulandyrmak, gelejekde ýurduň syýasy sahnasynda rol oýnamak isleýän aktiwistler, hökümet işgärleri, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler ýaly dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan adamlara gönükdirilen.

Bu programma kabul edilenler Birleşen Ştatlaryň abraýly Jorj Waşington uniwersitetiniň Elliot adyndaky Halkara gatnaşyklar boýunça fakultetiniň ýa-da Demirgazyk Amerika boýunça Stokgolm halkara parahatçylyk derňewler institutynyň rezidensiýasynda bäş aý galarlar.

Olar şol bäş aýyň dowamynda Waşingtonda hem-de Nýu-Ýorkda ýörite taýýarlanan programmalara gatnaşarlar we ABŞ-nyň syýasaty hem-de ekspertler jemgyýetleri bilen tanyşarlar.

Dalaşgärlerden edilýän talaplar

Bu programma kabul edilen adamlardan takmynan 12 seminara, praktikuma we türgenleşige gatnaşmaklyk talap edilýär. Şeýle-de “Merkezi Aziýa jemgyýetleriniň häzirki we gelejekki ýüzbe-ýüz boljak meseleleri” atly tema boýunça analitiki makala ýazmaklyk we şol makala bilen halk köpçüliginiň öňünde azyndan iki gezek çykyş etmeklik talap edilýär.

Stokgolm halkara derňewler institutynyň kitaphana we dokumentasiýa bölümi
Stokgolm halkara derňewler institutynyň kitaphana we dokumentasiýa bölümi
Gürrüňi edilýän edaranyň websahypasynda bellenmegine görä, 2014-nji ýyl üçin bu programma Merkezi Aziýa boýunça jemi dört adam saýlanar. Olaryň ikisi ýaz paslynda, ikisi hem güýz paslynda okuwa gatnarlar.

Bu programma gatnaşmaga hukuk gazananlara aýda 3000 amerikan dollary möçberinde stipendiýa berler. Şeýle-de, olaryň Waşingtona gitmek hem-de ondan yzyna gaýtmak üçin çykdajylarynyň ählisi agzalýan programmanyň çäklerinde tölener.

Demirgazyk Amerika boýunça Stokgolm halkara parahatçylyk derňewler institutynyň websahypasynda berilýän maglumata görä, bu programma arza tabşyrjak dalaşgärler 25 bilen 40 ýaş aralygynda bolmaly, şeýle-de bäş Merkezi Aziýa ýurtlaryndan biriniň raýaty we şol ýurtda ýaşaýan bolmaly.

Ondan daşgary dalaşgärleriň hökümet işinde, syýasatda, akademiýa, adam hukuklary we demokratiýa boýunça iş tejribesiniň we bu programma Akademiýadan gatnaşýanlaryň bolsa masterlik derejesiniň we syýasy ugurdan tejribesiniň bolmagy talap edilýär. Şeýle-de dalaşgärleriň iňlis dilinde doly ýazyp we okap bilmegi hem edilýän talaplardan biri.

Ýaz pasly üçin saýlanjak dalaşgärleriň 15-nji oktýabrdan öň arza tabşyrmaklary talap edilýär. Ýaz pasly programmasy 1-nji ýanwardan başlap, 31-nji maý aralygyna çenli döwri öz içine alýar.

Bu barada Demirgazyk Amerika boýunça Stokgolm halkara parahatçylyk derňewler institutynyň websahypasyndan doly maglumat alyp boljagy aýdylýar, e-mail belgisi CAFellows@sipri.org.
XS
SM
MD
LG