Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby interwensiýanyň "egerleri"


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Senat diňlenişiginde. 3-nji sentýabr, 2013.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Senat diňlenişiginde. 3-nji sentýabr, 2013.
ABŞ-nyň Kongresi we Ak tam Siriýanyň hökümetiniň görnetin himiki ýarag ulanmasyna nähili gaýtuwul bermelidigi barada çekişýän wagtynda bir zat eýýämden belli: Birleşen Ştatlaryň içinde uruş barýan ýurda urjak harby zarbasynyň niýetlenilmedik netijelere hem getirmegi mümkin.

Ak tam üçin iň gowusy oppozisiýanyň Başar al-Assaddan üstün çykmagyna kömek edip, demokratiýa tarapdar güýçleriň häkimiýete gelmegine ýol arçamak bolup biler.

Erbet bolan ýagdaýynda bolsa, interwensiýa oppozisiýanyň Assaddan gutarnykly üstün çykmagyna kömek eder, emma Al-Nusra foronty bilen ýaranlykdaky Al-Kaýda ýaly yslamçy guramalar häkimiýeti eýelär.

Oppozisiýa kim we näme eder?

ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň ozalky resmisi, häzir German Marşal fondunda täze döreýän goranyş we howpsuzlyk syýasaty howplary boýunça iş alyp barýan Mark Ýakobson şeýle diýýär:

"Birleşen Ştatlar üçin, dogrusy biziň NATO ýaranlarymyz, tutuş halkara jemgyýetçiligi üçin iň uly probemalaryň biri, biziň oppozisiýany we Siriýadaky häkimiýet deňagramlylygynyň üýtgemegini näderejede goldaýandygymyz? Biz oppozisiýanyň hakykatda anyk kimlerdigini bilemzok, ýa-da mundan hem beteri, biz olaryň režimi agdaryp bilen ýagdaýynda nähili hereket etjegini bilemzok."

Ýakobson Assaddan soň häkimiýeti kim alsa-da, barybir öňde ýatan ýoluň ýeňil bolmajagyny aýdýar:

"Ýalňyşmaň: eger Assad synsa, ol ýerde çagşan döwleti täzeden gurmak üçin düýpden başga problemalar toplumy peýda bolar".

Ýakobson halkara jemgyýetçiliginiň, ýurtlaryň köpüsiniň bu ýerde çekeräk durmagynyň sebäbini hut şu ýagdaýda görýär.

Prezident Obamanyň geljekde himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň öňüni almak maksady barada aýdylanda bolsa, Ýakobson Pentagondaky planlaşdyryjylaryň Siriýanyň Goranmak ministrligi, howa güýçleri ýaly görnükli nyşanalary saýlap aljagyny çaklaýar.

Eger Assad netije çykarmasa näme?

Döwlet sekertary Jon Kerri şu hepdäniň başynda Kongresiň agzalaryna, eger Birleşen Ştatlar çäre görmese, özüniň Assadyň himiki ýaraglary ýene-de ulanjagyna "100 prosent ynanýandygyny" aýtdy. Emma Birleşen Ştatlar çäre görüp, Assad ondan netije çykarmasa näme? Eger-de Assad himiki ýaraglary geljekde hem ulansa, Birleşen Ştatlaryň harbylary gaýtadan uly bir güýç bilen tutluşmaly bolar.

Prezident Jorj W. Buş mahalynda goranmak sekretarynyň kömekçisi bolan Dow Zakheým şu ähtimallykdan alada galýar. Zakheýmiň pikirine görä, Birleşen Ştatlar Assada himiki ýaraglary ulanmaly däldigi barada sapak bermek maksadyna ýetip biler, emma ol doly tutaşan regional urşa çekilmek töwekgelligi bilen hem ýüzbe-ýüz bolar.

Ol muňa haýsy tarapdan seretseňem, gelip çykýan netijeleriň beýle bir ýakymly däldigini belleýär.

"Eger Assad aman galsa, Hizbolla şindem iş başynda, Eýran şindem iş başynda we Assad şindem iş başynda bolar. Eger Assad ýykylsa, biz ýene bir gezek režim çalyşmakda aýyplanarys. Eýranlylar bolsa, öz režimleriniň çalşylmagynyň öňüni almak üçin, Demirgazyk Koreýanyň göreldesine eýerip, has çakgan, has erjellik bilen ýadro ýaragyny açyk edinmek pikirine gelip bilerler. Birleşen Ştatlar şondan soň näme eder?"

ABŞ yza tesse, Eýran ekezlemezmi?

Bu 3-nji sentýabrda geçirilen Senat diňlenişiginiň uly soraglarynyň biri boldy: Eger Waşington Assaddan hasap soramasa, Eýran özüniň diýilýän ýadro ýarag edinmek niýetinde has batyrlanmazmy? Hiç kim "ýok" diýmedi.

Emma Sirakus uniwersitetiniň Ýakyn Gündogar meseleleri boýunça programmasynyň direktory Mehrzad Boroujerdi bu pikire ynamsyz garaýar. Boroujerdi Eýranyň özüne ýetesi çylşyrymly meseleler toplumynyň bardygyny we, Siriýada näme bolup geçýändigine garamazdan, onuň öz bähbitlerinden ugur aljagyny öňe sürýär.

Şeýle-de ol, Birleşen Ştatlar Siriýa harby interwensiýa eden ýagdaýynda, Tähran özüniň ýadro programmasy baradaky gepleşiklerden ýüz öwrer diýen pikiri ret edýär. Ol şu aý Eýran bilen 5+1 döwletler toparynyň arasynda geçiriljek gepleşikleriň üstünligi ýa şowsuzlygy söweş meýdanyna däl, orta atylýan tekliplere bagly bolar diýýär.

Orsýet näme eder?

Harby we diplomatiýa analistleri Siriýanyň iň güýçli ýarany bolan Orsýetiň, harby zarbadan soň, Assada has köp ýarag ibermeginiň ahmaldygyny, emma şondan başga köp zat edip bilmejegini çaklaýarlar.

German Marşal fondunyň eksperti Ýakobson Birleşen Ştatlaryň harby gatyşmasy üçin Ysraýyla garşy ar alyş hüjüminiň guraljagyna hem ynanmaýar. Sebäbi, onuň pikirine görä, Eýranam, Siriýa-da bu konflikte Ysraýyly çekip, netijede Siriýa režiminiň gutarnykly weýran edilmegini islemez.

Onuň pikirine görä, birnäçe raketa atyp, Assady himiki ýaraglary ulanandygy üçin jogapkärçilige çekmek belli bir derejede aňsat, emma Sriýadaky has uly raýat urşy bilen oppozisiýa problemasyny çözmek juda kyn bolar we Ýakyn Gündogar synçylaryny iň alada goýýan zat hem şu bolup durýar.
XS
SM
MD
LG