Sepleriň elýeterliligi

G20 Siriýa boýunça bölündi


G20 guramasynyň agzalary Orsýetiň Sankt Peterburg şäherinde penşenbe güni geçirilen iş duşuşygynda Siriýadaky himiki hüjümler babatynda çäre görmek meselesinde umumy bir pikire gelip bilmediler.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Sankt Peterburgdaky duşuşyga gatnaşýan dünýäniň iň güýçli ykdysadyýetli 20 ýurdunyň Siriýa boýunça belli bir derejede deň toparlara bölünendigini habar berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 21-nji awgustda bolan hüjümler sebäpli Siriýanyň hökümetini jezalandyrmak üçin harby çäreleri öňe sürýär. Waşington şol hüjümlerde 1 400 adamyň heläk bolandygyny aýdýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin BMG tarapyndan makullanmadyk islendik harby çäräniň “agressiýaly hereket” boljagyny aýdýar.

Penşenbe güni ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Samanta Power Orsýeti Siriýadaky krizis bilen bagly meselede BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini “zamunlykda” saklamakda aýyplady.
XS
SM
MD
LG