Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa saýlawlara taýýarlanýar


Moskwanyň meri wezipesine dalaş edýän oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny anna güni saýlaw kampaniýasynyň jemleýji tapgyryny geçirýär.

Ýekşenbe güni Moskwanyň ýaşaýjylary on ýyldan gowrak ýyldan soň paytagtyň ýolbaşçysyny saýlarlar.

Prezident Wladimir Putiniň ýiti tankytçysy Alekseý Nawalnyý Kreml tarapyndan bellenen häzirki häkim Sergeý Sobýanine bäsdeş bolup biljek esasy dalaşgär, diýlip hasap edilýär. Guramaçylar Nawalnynyň 25 000 gowrak tarapdarynyň köçä çykmagyna garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Moskwanyň häzirki meri Sergeý Sobýanin hem öz tarapdarlarynyň köpçülikleýin çykyşyny geçirmekçi bolýar. Beýleki dört dalaşgär öz tarapdarlary bilen diňe duşuşyk geçirmegi planlaşdyrýar.

Sobýaniniň birinji tapgyrda öňe saýlanmagy, Nawalnynyň bolsa 18% ses toplap ikinji oruna çykmagy çak edilýär.

Iýun aýynda Nawalny bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, soň boşadylypdy. Ol özüne garşy gozgalan işi syýasylaşdyrylan diýip atlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG