Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda hindi ýazyjysy öldürildi


Hindistanly meşhur ýazyjy zenan Owganystanyň günortasynda atylyp öldürildi. Suşmita Banerje 1990-njy ýyllarda “Talybandan” gaçyp gutulandygy barada kitap ýazan meşhur ýazyjy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, Suşmita Banergi çarşenbe güni agşam Paktika welaýatyndaky öýüniň öňünde “Talyban” söweşijileri tarapyndan öldürilipdir. 49 ýaşly zenanyň eleme-deşik edilen jesedi dini mekdebiň öňünde taşlanypdyr.

Owganystanyň “Talyban” hereketi bu waka gatnaşygyny ret edýär.

“BBC” kompaniýasy owgan polisiýasyna salgylanyp, Saýed Kamala, diýilip tanalan Banerjiniň medisina işgäri bolup işländigini we ýerli zenanlaryň durmuşy barada film alandygyny habar berýär.

Suşmita Banerji 1989-njy ýylda owgan telekeçisine durmuşa çykyp Owganystana göçüp barypdy. Onuň 1995-nji ýylda çap eden kitaby Hindistanda uly meşhurlyk gazanypdy, 2003-nji ýylda bu kitabyň onuň esasynda “Talybandan gaçyp gutulmak” atly film döredilipdi.
XS
SM
MD
LG