Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Malala baýrak aldy


Pakistanly ýetginjek gyz Malala Ýusufzaý anna güni 2013-nji ýyl boýunça Parahatçylyk ugrundaky çagalaryň halkara baýragyna eýe boldy. Malala gyzlaryň bilim almak hukugyny goramak ugrunda aktiw iş alyp barýar.

Daniýanyň çagalaryň hukuklaryny goraýjy KidsRights atly guramasy Gaagada geçiren dabarasynda Malala 100 000 ýewro möçberde baýrak gowşurdy.

Bäş ýyl mundan ozal 16 ýaşly Malala Talyban hereketiniň Pakistanyň demirgazygyndaky Swat regionynda yslamçy düzgünleri ýöretmek tagallalaryny tankytlap blog ýazyp başlapdy.

Ol 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda “Talyban” hereketiniň agzalary tarapyndan oka tutulyp, agyr ýaralanypdy. Häzir Malala Britaniýada ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG