Sepleriň elýeterliligi

Batkende maşgala oka tutuldy


Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän we Özbegistan hem Täjigistan bilen serhetdeş bolan Batken welaýatynda gyrgyz maşgalasynyň dört agzasy atylyp öldürildi.

Batken regionynyň polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Ulan Rysbekow bu wakanyň gije bolandygyny anna güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Kara-Bulak obasyndan ýerli telekeçi Tajibaý Çotbaýew bu hüjümde diri galypdyr we häzir keselhanada saklanýar. Onuň aýaly, ogly, gelni we ýaş agtygy heläk bolupdyr. Bu waka barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Mundan iki hepde öň Batken welaýatynyň tajik-gyrgyz serhetindäki dawaly ýerde ýerleşýän obada täjikleriň bir maşgalasynyň bäş agzasy öldürilipdi.

Tajigistanyň we Gyrgyzystanyň bilelikdäki derňew topary bu wakalar boýunça derňew işlerini geçirýär.
XS
SM
MD
LG