Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa meselesinde ylalaşyk kyn


G20 lederleri sank Peterburgda, 6-njy sentýabr, 2013.

G20 lederleri sank Peterburgda, 6-njy sentýabr, 2013.

Penşenbe güni, uly 20-ligiň liderleri nahar wagtynda bolan maslahatda Siriýadaky güman edilýän himiki ýarag hüjümine jogap bermek meselesinde umumy bir pikire gelip bilmediler.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow žurnalistlere dünýäniň iň uly 20 ykdysadyýetiniň Sankt Peterburgda duşuşýan liderleriniň bu meselede «deňeçerräk» iki bölege bölünendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Siriýanyň hökümetini jezalandyrmak üçin harby çäre görülmegini öňe sürýär. ABŞ Siriýada 21-nji awgustda edilen hüjümde 1400-den gowrak adam öldürildi diýýär.
Prezident W.Putin sammitde çykyş edýär. 6-njy sentýabr, 2013.

Prezident W.Putin sammitde çykyş edýär. 6-njy sentýabr, 2013.


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin BMG-niň ygtyýarnamasyny almazdan islendik güýç ulanylmagy "agressiýa hereketi" bolar diýdi.

Birleşen Ştatlaryň uly derejeli kömekçisiniň aýtmagyna görä, Obama penşenbe güni nahar başynda geçirilen maslahatda 21-nji awgustdaky hüjümi prezident Başar al-Assadyň hökümetiniň amala aşyrandygyna Birleşen Ştatlaryň «ynamynyň örän ýokarydygyny» ýene bir gezek nygtapdyr.

Obamanyň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň orunbasary Ben Rodes žurnalistlere amerikan prezidentiniň bu pikirini anna güni Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň bilen geçiren gepleşiklerinde hem gaýtalandygyny aýtdy.
Prezident B.Obama ABŞ-nyň Siriýa babatda harby çäre görmek pirikini nygtady. 6-njy sentýabr, 2013.

Prezident B.Obama ABŞ-nyň Siriýa babatda harby çäre görmek pirikini nygtady. 6-njy sentýabr, 2013.


Orsýetiň Daşary işler ministrligi anna güni çap eden beýanatynda Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň himiki ýaraglaryny nyşana almazlygy barada duýduryş berdi.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Samanta Power penşenbe güni Orsýeti BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini Siriýa krizisi babatda «zamun» almakda aýyplady.

"Hatda himiki ýaraglary ulanmazlyk baradaky halkara düzgüniniň şeýle elhençlik bilen bozulan ýagdaýynda-da, Orsýet, özi hem himiki ýaraglary ulanmazlyk baradaky Konwensiýa goşulan ýurt bolup, geňeşi zamunlykda saklamagyny dowam etdirýär, onuň halkara borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel berýär. Biziň göz ýetiren zadymyz, Siriýanyň halkynyň göz ýetiren zady, dünýä şu krizisiň çözülmegi üçin gerek bolan Howpsuzlyk geňeşi bizde bar bolan Howpsuzlyk geňeşi däl."

Siriýanyň hökümetiniň uzak wagtlyk ýarany we ýarag üpjünçisi bolan Orsýet Howpsuzlyk geňeşinde Siriýa garşy harby çäre görülmegine ygtyýar berýän rezolýusiýa boýunça ylalaşyga gelinmeginiň, bu ugurdaky tagallalaryň öňüni böwetledi.

Orsýet ýaly weto hukukly geňeş agzasy bolan Hytaý hem harby çäre görülmegine garşy durýar.

Uly 20-ligiň, dünýä ykdysadyýetiniň 90 prosentini özünde jemleýän ýurtlaryň liderleri ykdysady meseleler barada hem maslahat etdiler, emma bu sammitiň resmi gün tertibine iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän Siriýa konflikti kölege saldy. BMG bu konfliktde 100 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.

Obama anna güni giçlik Sankt Peterburgda Orsýetiň adam hukuklary aktiwistleri we geý aktwisitleri bilen duşuşmaly.

Mälim bolşy ýaly, Orsýetiň, hamala, çagalara gönükdirilen geý «propagandasyny» gadagan edýän kanuny halkara derejesinde tankyt edilýär.
XS
SM
MD
LG