Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler internetde näme hakda gürleşýärler?


"Twitter" sosial ulgamynyň logotipiniň öňünde telefonlary bilen hat alyşýan iki adam
"Twitter" sosial ulgamynyň logotipiniň öňünde telefonlary bilen hat alyşýan iki adam
Internet soňky döwürde türkmen ýaşlarynyň arasynda-da giňden ulanylyp başlandy. Şonuň bilen birlikde soňky wagtlarda türkmen websahypalarynyň, sosial ulgamlarynyň sany hem barha artýar.

Olaryň arasynda ”Ertir.com”, ”Okamak.com”, ”Teswirler.com”, ”Arzuw.com”, bilen bir hatarda Twitter, Facebook, “Vkonatkte” ýaly sosial ulgamlaryndaky türkmen toparlary hakda gürrüň edip bolar.

Şol sosial ulgamlarda her gün, her hepde ençeme temalar boýunça jedeller bolýar, dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mysal üçin, ”Ertir.com” websahypasynda her gün ençeme täze temalar gozgalýar we şol temalar hem ”Ertir.com” saýtynyň agzalarynyň arasynda birnäçe jedelleri döredýär.

Ertir.com

Meselem, geçen hepde ”Ertir.comyň” agzalarynyň arasynda iň gyzgalaňly bolan temalaryň biri “Geliň, duşuşyk gurnalyň Baş drama teatrda”. Bu tema "Ertir.comyň" Çyraçy atly agzasy tarapyndan gozgalypdyr.

Ol 29-njy awgustdan 2-nji sentýabra çenli jemi 1032 gezek okalyp, oňa 85 teswir gelip gowşupdyr we 28 agza tarapyndan hem halanypdyr. Bu temanyň mazmuny bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda şeýle diýilýär: “Salam hormatly agzalar, sentýabr aýynyň 1-ne Baş drama teatrynda oýun boljak. Aşgabatda bolýan agzalar şotak üýşmeşek edeliň. Ertir.komyň agzalary bolup, üýşüp, prikol tutuşyp, oýun görseg-ä has gyzykly bolardy” diýlipdir.

Bu tema, okyjylardan ençeme teswir gelip gowşup, ”Ertir.comyň” agzalarynyň arasynda duşuşyp-duşuşmazlyk barada jedel döredipdir. Şol teswirleriň birinde Sabryna atly agza şeýle ýazypdyr: “Üýşüljegini näbileýin, arada-da biri awgust aýynda duşuşyk gurnajakdy. Şodyr bu duşuşygyň öňem bolmady, soňam” diýipdir.

Temany gozgan Çyraçy atly agza bolsa oňa: “Şu taýda bolmaz, bolmaz diýip dursak bolmaz. Ýogsa-da, barjak diýseňiz, eýleki agzalaram höwesli bararlar” diýip, jogap beripdir.

Bu duşuşygyň gurnalandygy, onuň başa baryp-barmandygy barada entek hiç kim tema gozgamandyr. Belki, öňümizdäki günlerde ”Ertir.comda” duşuşygyň gurnalyp-gurnalmandygy barada hem okap bileris.

Okamak.com

Türkmen ýaşlarynyň arasynda giňden okalýan websaýtlaryň ýene biri ”Okamak.com”. Bu websahypada iň köp okalan makalalaryň biri “Daglaryň astyndaky tebigy hazynalar” atly makaladyr. Ol awgust aýynda iň köp okalan makala bolup, 2-nji sentýabra çenli jemi 602 sapar okalypdyr. Bu makalada Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýerleşýän dag gowaklary barada gürrüň edilýär.

Twitter

Twitter sosial ulgamyny bilmeýän ýok bolsa gerek, bu ulgamyň türkmen ýaşlarynyň arasyndaky meşhurlygy barha artýar.

Twitterde edil makala çap edip bolmasa-da, onda türkmenleriň özara pikir alşyp biläýjek toparlary bar. Olaryň arasynda “Ene dilim”, “Türkmen futbol”, “Türkmençe ýaz”, “Türkmen” ýaly Twitter agzalary ýa-da toparlar bar.

Geçen hepdäniň dowamynda Twitterde “Türkmençe ýaz” sosial toparyna gatnaşýan agzalar has-da aktiwleşipdirler.

Meselem, “Ene dilim” sosial toparynyň “Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi bolan müňini” diýip ýazan tweeti 6 sapar retweet edilip, ýagny gaýtalanyp çap edilip, 2 sapar hem halanypdyr.

”Türkmençe ýaz” alamaty, ýagny häş tägi bilen “Hökümet we dokument bilen oýun etme” diýlen tweet hem 5 sapar retweet edilip, 2 sapar hem halanypdyr we oňa iki teswir gelip gowşupdyr.
XS
SM
MD
LG