Sepleriň elýeterliligi

Kerri Ýewropa sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri anna güni Ýewropanyň üç ýurduna sapara başlaýar. Kerri bu saparynyň dowamynda Siriýadaky we Müsürdäki krizisler, şeýle-de Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk ugrundaky gepleşikler bilen bagly meseleleri maslahat etmegi planlaşdyrýar.

Döwlet Departamentiniň anna güni aýtmagyna görä, Kerri şenbe güni Wilnýusda Litwanyň hökümeti bilen energiýa üpjünçiliginiň diwersifikasiýasyny maslahat etmekçi. Litwa häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýär.

Munuň yzýany Kerri Fransiýa sapar edip ýerli resmiler we Arap Ligasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirmekçi. Duşenbe güni Britaniýa saparynyň dowamynda Kerriniň britan resmileri we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşmagy planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG