Sepleriň elýeterliligi

Jon Kerri goldaw gözleýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Obama adminstrasiýasynyň Siriýanyň hökümetini nyşana alýan harby çäre planlary barada maslahatlaşmak üçin anna güni giçlik Ýewropa geldi.

Kerriniň şenbe güni Litwanyň paýtagty Wilnýusda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri bilen gepleşik geçirmegine garşylýar.

Şeýle-de onuň ýekşenbe güni Parižde arap we ýewropa diplomatlary bilen has köp gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Kerriniň bu sapary amerikan kanun çykaryjylarynyň, ýönekeý amerikanlaryň we halkara jemgyýetçiliginiň agzalarynyň Birleşen Ştatlaryň Siriýa režimine hüjüm etmeginiň paýhasly bir hereketdigine ynamsyzlygy bilen bagly.

Prezident Barak Obama Kongresden potensial zarbalara ygtyýar berýän çäräni sese goýmagy haýyş etdi.

Senat we Wekiller öýi duşenbe gününden başlap bu çärä formal taýdan seredip başlamaly.

Obamanyň bolsa sişenbe güni Ak tamda harby operasiýanyň zerurlygy barada söz sözlemegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG